Hawa, geçen ýylyň sentýabr aýynda, täze möwsüm ýaňy başlap, gyzyşyp ugranda, “Tottenham” toparynyň tälimçisi Anže Postekoglu žurnalistlere beren beýanatynda: “Men köplenç 2-nji möwsümde bir zatlar gazanýaryn öz-ä” diýipdi. Ol şol wagt wada beripdimi ýa-da karýerasynda dowam edip gelýän statistikany öňe sürüpdimi, belli däl. Ýöne onuň “Tottenhamdaky” 2-nji möwsüminde kubok gazanandygy welin hakykat. Hawa, ýaş futbol janköýerler soňky ýyllarda islendik kubogyň “tottenhamly” futbolçylaryň elinde ýokary göterilendigini, hatda orta ýaşly janköýerlerem “Tottenhamyň” UEFA-da kubok gazananyny görmedik bolsalar gerek. Sebäbi Londonyň demirgazyk ýakasyndaky bu klub Angliýada 17, Ýewropada bolsa 41 ýyldan bäri kubok gazanyp bilenok. Ine, ahyry “Tottenham” hem köp ýyldan bäri maksadyna ýetdi. Aslynda, şu möwsüm bir hili uzak arakesmeden soň kubok gazanyp görmedikleriň möwsümi ýaly. Niderlandlarda “Go Ehed Iglz” topary 93 ýyldan soň ilkinji kubogyny (ýurduň kubogyny), Angliýada “Nýukasl” 70 ýyldan, Italiýada “Bolonýa” 51 ýyldan soň ilkinji kuboklaryny gazandy. Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa “Kristal Palas topary-da 119 ýyllyk taryhyndaky ilkinji uly kubogyny asmana göterdi. Indi gezek Belgiýanyň “Ýunion Sen-Žilluaz” toparynda. Brýussel şäheriniň kluby 90 ýyldan soň çempionlygyň bosagasynda dur.
Geçen möwsümiň başynda 10 oýundan soň ýeňlen “Tottenham” soňlugy bilen çempionaty ilkinji 5 orunda tamamlap, möwsümi Ýewropa Ligasynyň petegi bilen jemläpdi. Ýöne bu möwsüm welin, edil ýyldyza ýörän ýaly, çempionatdaky şowsuzlyklar ýerli kubok ýaryşlaryndaky şowsuzlyklar bilen sepleşip gitdi. Postekoglunyň şol aýdan sözüni mamla çykarjak ýeke-täk tutaryk, Ýewropa Ligasy galypdy. Ine, şol şaha-da berk ýapyşan “tottenhamly” futbolçylar tälimçileriniň sözüni ýerde goýmady.
59 ýaşyndaky Postekogluny ilkinji bolup gutlanlaryň biri-de çempion “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohamed Salah boldy. Ol “ussat tälimçiniň “2-nji möwsümde bir zatlar gazanýaryn öz-ä” diýen sözünde, tapyldy” diýip, asly grek awstraliýaly tälimçini sosial media hasaby arkaly mähirli gutlady.
Soňunda Son hem kubok aldy
“Tottenhamyň” kubok gazanmagy diňe bir iňlis janköýerlerini däl, eýsem, koreýaly, hatda aziýaly futbol muşdaklaryny hem begendiren bolsa gerek. Koreýa Respublikasynyň ýyldyz oýunçysy Hin Min Son ençeme ýyldan bäri londonlylaryň düzüminde çykyş edip gelýär. Toparyň kapitany hem bolan Son klubda 454 oýunda 173 gol geçirdi, ýöne şu wagta çenli onuň kubogy ýokdy. Soňunda Son hem kubokly boldy. Ol finaldan soň begenç gözýaşyny döküp, çempionlygy topardaşlary hem-de maşgalasy bilen gutlady. Ony ilkinji bolup gutlanlaryň biri, ýyldyz oýunçynyň özi ýaly karýerasyny şu möwsüme çenli kuboksyz dowam etdiren Harri Keýn boldy. Keýnem “Tottenhamda” ençeme ýyl oýnap, birnäçe gezek iň köp gol geçiren oýunçy bolsa-da, kubogy gazanmak nesip etmändi. Ol 2023-nji ýylyň tomsunda “Bawariýa” geçipdi. Ýöne bu ýerde-de ilkinji möwsümde oňa kubok gazanmak başartmady. Angliýaly oýunçy ozalky topardaşy Sonuň kubok galdyran gününden 17 gün öň ahyry arzuwyna ýetdi.
Final oýny barada-da bellesek, iki iňlis kluby oýnan hem bolsa, duşuşyk wagtal-wagtal italýan toparlaryny ýadyňa düşüren final boldy. Hemişe bolşy ýaly, gol geçiren topar goragda bolup, gol gerekli topar hüjüme ýykgyn etdi. Ýagny “Mançester Ýunaýted” hem ýeňiş gazanyp bilerdi.
Möwsümi milli çempionatda antirekordlar bilen tamamlajak Angliýanyň 6 uly klubunyň ikisi bolan “Tottenham” hem-de “Ýunaýted” üçin bu kubok, juda şowsuz geçen möwsümiň günäsini ýuwmak üçin uly mümkinçilikdi. Olam “Mançester Ýunaýtede” däl-de, “Tottenhama” nesip etdi. “Tottenham” topary geljek möwsümde çempionaty aşaky liga düşen klublaryň edil üstünde tamamlabam Çempionlar Ligasynda çykyş eder.
Hajymyrat Söýünow, gazetiň sport synçysy