(Hekaýa)
Mark TWEN, amerikan ýazyjysy.
Meniň täze edinen ajaýyp, jübi sagadym bir ýarym ýyllap yza-da galman, öňe-de gitmän takyk işläp durdy. Şol döwrüň içinde onuň togtan wagty bolmandy. Netijede, men onuň görkezýän wagtyna asla ýalňyşsyz, onuň ýaşaýyş güýjüne we gurluşyna ebedi zat hökmünde garap başladym. Ýöne ahyrsoňy bir gije oňa tow bermegi unudypdyryn. Men muňa örän gynandym, ýöne basym köşeşdim-de, sagadymy, takmynan, dogry wagta sazladym we her dürli ýakymsyz duýgulary özümden kowmaga çalyşdym.
Ertesi sagadymy sazlatmak üçin iň gowy sagat ussahanasyna bardym. Edaranyň başlygynyň hut özi sagady elimden alyp, ony gözden geçirip başlady. Az salym dymyşlykdan soň: «Sagat dört minut yza galýar – sazlaýjyny ýerinden süýşürmeli» diýdi. Men onuň sözüni bölüp, sagadyň şu wagta çenli dürs işländigini aýtmakçy boldum. Ýöne ol hiç zat diňlemek islemedi, diňe sagadyň dört minut yza galýandygyny, şol sebäplem sazlaýjyny hökman ýerinden gozgamalydygyny bilýärdi. Şeýlelikde, onuň daşyndan aýlanyp sagadyma degmezligi haýyş edýärkäm, öz gara pyglyny hötjetlik hem-de rehimsizlik bilen amala aşyrdy.
Indi sagadym çalt işläp başlady. Bir hepdeden soň-a sagadymyň dilleri, edil tutgaýly ýaly, howlugyp, çarp urmaga durdy, ýürek urgusy bolsa 150-ä ýetdi. Iki aýdan soň şäherdäki beýleki sagatlaryň ählisini uzakda galdyryp, senenamadan hem on üç gün gowrak ozdurdy oturyberdi. Oktýabryň ýapraklary şahalardan tänip howada gaýmalaşýarkalar, sagadym eýýäm noýabryň garyna şatlanýardy. Ol öý kireýiniň tölemeli wagtyny, ýyllyk hasabatlary we şuňa meňzeş ähli ýagdaýlary şeýle bir çaltlyk bilen golaýlaşdyrýardy welin, men muňa çydap bilmedim. Sagat ussasynyň ýanyna gitdim, ol şu wagta çenli sagadymyň bejergide bolup-bolmanyny sorady. Oňa «ýok» diýip jogap berdim, sebäbi häzire çenli ony bejertmek zerurlygy çykmandy. Ussanyň gözleri begençden ýaňa uçganaklady, dessine sagadyma ýapyşyp, ony gyssanmaç sökmäge durdy.
Ol gözüne kiçijik ulaldyjy aýna dakdy-da, sagadyň «içgoşuny» synlap başlady. Ol sagadyň diňe sazlaýjysyny sazlamagyň ýeterlik däldigini, üstesine arassalap, ýaglamalydygyny-da nygtady, şol sebäplem ýene bir hepdeden gelmegi tabşyrdy. Sagat arassalanyp ýaglanandan soň şeýle bir haýal ýöräp başlady welin, onuň «jykgyldysy» matam jaňyny ýatladýardy. Men indi münjek otlyma gijä galyp, işewürlik duşuşyklary sypdyryp, hatda günortanlyk naharyna-da wagtynda gelmän başladym. Sagadym üç günlük gijikdirmäni dört güne uzaldansoň, meniň wekselimiň (töleg hatymyň) möhlediniň geçmegine sebäp boldy. Şeýdip, bu äm-sämlikde wagtdan yza galyp, geçen hepdede galanymy duýman galypdyryn. Tizara, ýeke özümiň heniz geçen hepdäniň orta gürpünde aýlanyp ýörendigime, bütin älemiň bolsa öňe gidip, gözümden ýitendigine düşündim. Gursagyma näbelli, bulaşyk duýgy aralaşanyny duýdum – muzeýdäki faraonyň mumýasyna bolan dostanalyk duýgusy ýaly bir zat, üstesine-de şol faraon bilen söhbetdeş bolup, häzirki günleriň nogsanlyklary hakynda gürrüň edesim geldi. Men ýene-de sagat ussasynyň ýanyna gitdim. Ol gözümiň alnynda sagadyň «içgoşuny» tutuş sökdi-de, daş gabynyň çişendigi üçin ony bejermäge ýene üç günüň gerekdigini aýtdy.
Şondan soň ahyrky netijede şeýle diýip aýdyp bolýan bolsa, sagadym o diýen erbedem işlemedi. Ol ýarym günläp elinden gelenini gaýgyrman: üsgürip, asgyryp, üýrüp, garaz, şeýle bir howlugyp işledi welin, men öz sesimem eşitmedim. Bu dyngysyz goh tamamlanýança Amerikadaky sagatlaryň hiç birem onuň yzyna eýerip bilmedi. Ýöne günüň ikinji ýarymynda şeýle bir haýallaýardy welin, yzda galan sagatlaryň ählisi onuň yzyndan ýetýärdi. Günüň ahyrynda bolsa olar pellehana takyk wagtda gelýärdiler, şonuň üçin hem, umuman aýdanyňda, hemme zat ýerbe-ýerdi. Ol doly we dogry bir ortaça netije görkezýärdi, hiç bir adam onuň öz borjundan artykmaç ýa-da pes işländigi barada hiç zat diýip bilmezdi. Ýöne ortaça gowy edilen işi uly üstünlik hasaplap bolmaýar, onda-da sagat barada gürrüň gidende, şonuň üçin hem men ony başga bir sagat ussasyna alyp gitdim.
Olam sagadyň pružinasynyň döwlendigini aýtdy. Men bolsa muňa örän şatdygymy, ondan has beterräk bozulmalaryň bolaryndan gorkandygymy aýtdym. Dogrymy aýtsam, men ol närsäniň nämeliginden düýbünden habarym ýokdy, ýöne ýat adama özümiň öte sadadygymy görkezip bilmezdim ahyryn. Ussa sagadyň pružinasyny bejerdi, ýöne sagat bu tarapdan ýeňiş gazandy diýsegem, galan ähli zatlarda ýeňildi. Ýagny ol indi islese işläp, islese durup, garaz, öz meýline görä hereket edip başlady. Her gezek işläp başlanda, ol atamyň köne tüpeňi ýaly ses çykarýardy. Men gursagyma pagta goýdum, ýöne ahyrynda çydaman birnäçe günden soň sagady başga bir ussa alyp gitdim.
Ol bütin mehanizmi bölekleýin açdy, olaryň könelişen böleklerine ulaldyjy äýnek bilen göz gezdirdi, soňra-da diliniň näsaz bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Ussa ony düzedip, sagada täzeden tow berdi. Indi sagat gowy işleýärdi, eger-de 10-a on minut galanda, sagadyň dilleri edil gaýçy ýaly biri-birine sepleşip, şol sepleşigi bilen hereket edýärler diýmeseň. Dünýäniň iň akylly adamy-da indi sagadyň näçedigini bilip biljek däldi, şol sebäpdenem ýene-de ony bejertmäge alyp gitmeli boldum. Ussa sagadyň kristalynyň bükülendigini, şeýle-de hereketlendiriji pružinanyň gyşarandygyny aýtdy. Şeýle hem ol mehanizmiň bir böleginiň düýpli abatlamaga mätäçdigini belledi.
Ussa aýdanlarynyň ählisini boldum edensoň, sagadym esli wagt asuda işläninden soň wagtal-wagtal içindäki ähli gurallar güýçli hereket edip, edil arylar ýaly «wyzzyldap» başlaýardylar, üstesine-de dilleri şeýle bir çalt ýöreýärdi welin, onuň sanlary kerebiň aňyrsyndan görünýän ýalydy. Ol geljekki 24 sagady 6-7 minudyň içinde geçip, soňra ala-zenzele bolup togtardy. Maňa hernäçe agyr degýänem bolsa, sagat ussasyna gitdim we ýene-de ony parçalaýşyny synladym.
Muňa çydam edip bilmän, sagat ussasyny gaty berk soraga çekmek isledim, sebäbi mesele örän çynlakaýdy. Sagadyň öz bahasy iki ýüz dollardy, ýöne bejertmek üçin iki-üç müň dollar çykdy. Sagat ussasyny synlaýarkam, onuň köne tanşymdygyny – gämi ussasydygyny tanadym, özi hem ol işine ökde däldi. Ol edil beýleki sagat ussalarynyň edişi ýaly, sagadymyň ähli böleklerini bir-birden ünsli synlap, uly ynam bilen öz hökümini çykardy:
– Muňa bug goýberip, goraýjy klapanyna ýene bir nurbat towlamaly boljak!
Bu adamyň akylsyzlygy meniň şeýle bir gaharymy getirdi welin, ondan gutulmak üçin islendik puly tölemäge, hatda depesine berip sesini kesmäge-de taýýardym.
Meniň merhum daýym Wilýam şeýle diýerdi: «Gowy at guduraýança gowy atdyr, gowy sagat bolsa sagat ussalarynyň eline düşýänçä gowy sagatdyr». Ol hemişe: «Emelsiz, işi ugruna bolmadyk mis ussalaryna, ädikçilere, mehaniklere ýa-da demir ussalaryna ahyrynda näme bolýarka?» diýip geň galardy; ýöne muňa hiç kim jogap berip bilmezdi.
Terjime eden Käbe SARENKO,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dramaturgiýa taýýarlygy ugrunyň talyby.
PDF









