Merilin Monronyň gol çekilen pasport suraty auksionda 21 müň dollara satyldy. Bu barada “New York Post” neşiri habar berdi. Surat 1954-nji ýylda, amerikaly aktrisanyň beýsbolçy Jo Di Majo bilen toýundan birnäçe hepde soň düşürildi.
Jübütler toýdan soň Ýaponiýa syýahat etmegi meýilleşdirýärler, ýöne 27 ýaşly Monronyň resminamalar üçin zerur bolan suraty ýokdy. Di Majo golaýdaky oýun awtomatda “Jentlmenler blondin gyzlary saýlaýar” filminden kadryň birnäçe nusgasyny alýar. 5,7 x 6,9 santimetr ölçegdäki suratyň bir nusgasy şol ýerdäki işgäre ýadygärlik hökmünde berilýär. Merilin Monri pasport gullugynyň işgärine galdyran awtografynda “Jenap Boldsa, sag boluň, iň gowy arzuwlar bilen Merilin Monro Di Majio” diýen ýazgy bar. Toýlaryndan dokuz aý soň, Merilin we Jo Di Majo aýrylyşýarlar. Beýsbolçy kino ýyldyzynyň üç adamsynyň ikinjisi bolýar.