Golliwudyň ady rowaýata öwrülen aktrisasy Merilin Monronyň ömrüne we mirasyna bagyşlanan «Marilyn Monroe: Hollywood Icon» atly täze ýubileý sergisi 31-nji maýda Los-Anjelesdäki Kinomatografiýa akademiýasynyň muzeýinde açylýar. Mundan öň Nýu-Ýorkuň «Waldorf Astoria» myhmanhanasynda deslapky görkezilişi bolan bu gymmatly ekspozisiýa kolleksioner Braýan Jonsa degişli bolup, özünde aktrisanyň şahsy goşlaryny, resminamalaryny, fotosuratlaryny we kinomatografiýa degişli seýrek tapyndylary jemleýär.
Serginiň iň esasy eksponatlarynyň biri aktrisanyň 1962-nji ýylyň awgustynda, ömrüniň iň soňky günlerinde gol çeken çekidir. Brentwuddaky ilkinji hususy jaýyna mebel getirtmek üçin ýazylan bu resminamadaky çekilen gol, hünärmenleriň pikiriçe, aktrisanyň şol wagt geljege uly meýilnamalar bilen ýaşandygyny subut edýär. Şeýle-de ýygyndyda Monronyň 1962-nji ýylda “Madison Square Garden”-de Prezident Jon Kennediniň doglan gününde eden taryhy çykyşy bilen bagly eksponatlar, şol sanda aktrisanyň bäş sany myhmany üçin petekleri öz ýanyndan satyn alandygyny görkezýän golýazma haty hem bar.
Eksponatlaryň arasynda aktrisanyň döredijilik dünýäsini açyp görkezýän «Pucci» moda öýüniň lybaslary, gutarylmadyk ýörite geýimler we onuň öz keşpiniň üstünde sagatlap işleýän jaýyndaky aýnasy aýratyn orun tutýar. Bu sergi dünýäniň iň meşhur ýyldyzy Merilin Monronyň adaty durmuşda nähili ynsan bolandygyny, onuň içki dünýäsini we gizlin galan taraplaryny okyja has ýakyndan tanyşdyrýar.