Merkezi Afrika Respublikasynyň häzirki Prezidenti Fosten-Arkanž Tuadera, sesleriň 76,15 göterimini alyp, döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Deslapky netijeleri 5-nji ýanwarda ýurduň Milli saýlaw komissiýasy mälim etdi.
Tuadera beýleki bäsdeşlerinden, şol sanda sesleriň 14,66 göterimi bilen ikinji orny eýelän öňki Premýer-ministr Anise-Žorž Dologeleden ep-esli öňe geçdi.
Deslapky netijeler Konstitusion kazyýete hödürlener we ol birnäçe günüň dowamynda gutarnykly netijäni yglan eder.
MAR-da Prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda parlament, sebit we bellenilýän ýerli saýlawlar bilen bir wagtda geçirildi.
2016-njy ýyldan bäri bu wezipäni eýeläp gelýän 68 ýaşly Tuadera saýlawlara üçünji möhlet üçin gatnaşdy.
PDF









