26-njy fewralda Lankaster haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa formatynda ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirip, onuň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýan döwründe aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy howplara netijeli jogap berip bilýän durnukly hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň hatarynda energetika we dekarbonlaşdyrmak, şol sanda nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de täzelenýän energetikany ösdürmek, Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde tejribesini ulanmak arkaly maliýe we söwda tehnologiýalary, hukuk, konsalting we audit hyzmatlaryny öz içine alýan hünärmen derejesindäki hyzmatlar, şeýle hem ulag-logistika ulgamy we sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmek ýaly ugurlar görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda ministr täze formatyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn esasda işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny, hyzmatdaşlygyň anyk hem-de özara bähbitli netijelere gönükdiriljekdigini tassyklady.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda sebit meseleleri hem-de halkara gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
PDF









