16-njy sentýabrda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” – azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiñ çäklerinde Bütindünýä Bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysadyçisy jenap Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan duşuşyga Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşyp, çykyş etdi. Geçirilen işjeň pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, taslamanyň çäginde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm wezipeler hem-de çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini has-da berkitmek, epidemiologik gözegçilik ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýokanç we zoonoz keselleriniň öňüni almak we olary netijeli dolandyrmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Halkara bilermen bilen geçirilen söhbetdeşlikde A.Soltanmyradow döwletimiziň azyk howpsuzlygynyň möhüm bölegi hökmünde weterinariýa ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň doly derejede düşünilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ministrler we pudak edaralaryñ arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini güýçlendirmäge we dürli howplara garşy ygtybarly mehanizmleri döretmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.
“Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär, şeýle hem ilatyň we haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu ugur bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksadydyr.