30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.