“Merriam-Webster” amerikan sözlügi “slop” adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
“Biz “slop”-y adatça, emeli aň arkaly köp mukdarda öndürilýän pes hilli sanly mazmun diýip kesgitleýäris”- diýlip neşirde bellenilýär.
XVIII asyrda bu söz ýumşak toprak, XIX asyrda iýmit galyndylary, soňra bolsa arzan ýa-da hiç hili gymmaty bolmadyk zatlary aňladypdyr.
2025-nji ýylda beýleki meşhur sözler we söz düzümleri “gerrymander” (“saýlaw okruglarynyň manipulýasiýa edilmegi”), “touch grass”, (“ota degmek” – hakyky dünýäde adaty zatlary etmek) “performative” (“görkezme“) we “tariff” (“gümrük pajy”) boldy.
5-nji dekabrda Wisbadendäki Nemes dili jemgyýeti (GfdS) “KI-Ära” (“emeli aň asyry”) nemes sözleminiň Germaniýada 2025-nji ýylyň sözi bolandygyny habar berdi.
1-nji dekabrda Oksford iňlis dili sözlügi internetde bilkastlaýyn meçew beriji kontentleri aňladýan “rage bait” sözüni 2025-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi.
PDF









