Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers 2029-njy ýylda geçjek parlament saýlawlarynda Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleri toparyndan Hökümet başlygy wezipesine dalaşgärlik etmekçidigini habar berdi.
Mers bu barada ýurduň Reýnland-Pfals federal topragynyň Trir şäherinde Hristian-demokratik bileleşigiň (HDB) geçiren çäresinde eden çykyşynda aýtdy. Ol şeýle hem ýanwarda kakasynyň 102 ýaşynyň dolandygyny ýatlady.
2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Fridrih Mers 70 ýaşady. Ol 1963-nji ýylda 87 ýaşynda bu wezipäni terk eden Konrad Adenaurdan soňra iň uly ýaşly Kansler boldy. 20-nji fewralda syýasatçy HDB-iň gurultaýynda partiýanyň başlygy wezipesine öz dalaşgärligini hödürledi.