4-nji noýabrda sowet we rus telewideniýesiniň meşhur alypbaryjysy we Russiýanyň halk artisti Ýuriý Nikolaýew 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Agrippina Waganowa adyndaky Rus balet akademiýasynyň başlygy Nikolaý Tsiskaridze telegram kanalynda habar berdi.
Nikolaýew dekabr aýynda 77 ýaşyna gidýärdi.
Ýuriý Nikolaýew rus telewideniýesiniň alyp baryjysy, aktýor we prodýuser. Ol “Irki poçta”, “Daň ýyldyzy”, “Respublikanyň gazananlary”, “Biziň döwrümizde” we “Ýuriý Nikolaýew bilen dogruçyl söz” telewizion gepleşikleri bilen tanalýar. Şeýle hem, ol “Uly sürüş”, “25-nji kameradan gyz”, “Aýrylyşmazdan öň” we beýleki filmlerde baş keşpleri janlandyrypdy.
PDF









