Meşhur amerikan aktýory we prodýuser Robert Dýuwal 95 ýaşynda aradan çykdy, bu barada CNN teleýaýlymy habar berdi.
Aktýoryň aýaly Luçiananyň adyndan berlen habarda Dýuwalyň 15-nji fewralda Midlbergdäki öýünde gözüni parahat ýumandygy aýdylýar. «Düýn biz meniň söýgüli ýanýoldaşym, eziz dostum we döwrümiziň beýik aktýorlarynyň biri bilen hoşlaşdyk» diýip, merhumyň aýaly habar berdi.
Dýuwalyň ajaýyp kino işi altmyş ýyl dowam etdi, ol ýedi gezek «Oskar» baýragyna hödürlendi. «Çokundyran ata», «Degişgeni ýok etmeli», «Ahyrzaman şu gün», «Kazy» ýaly onlarça filmdäki keşpleri bilen tanalýar. 1984-nji ýylda «Näzik kerem» filmindäki keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.