28-nji dekabrda Meşhur fransuz kino aktrisasy, aýdymçy we fotomodel Brižat Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy diýip, “Le Figaro” neşiri ýazýar. Ol 1950-1960-njy ýyllaryň meşhur aktrisalarynyň biri bolupdy.

Bardo 1934-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda dünýä indi we Parižiň abraýly etrabynda, gurply maşgalada önüp-ösdi – ol balet bilen meşgullanypdy we örän gowy terbiýe alypdy.

Ol kino dünýäsine 1952-nji ýylda gadam basdy. Aradan dört ýyl geçensoň, “Hudaý zenany ýaratdy” atly romantik drama arkaly Bardo bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Şeýle hem, aktrisanyň gatnaşmagyndaky “Hakykat” (1960) we “Ýigrenç” (1963) atly filmler oňa uly meşhurlyk getirdi.

Şou-biznesdäki 20 ýyllyk işinde Bardo 48 filmde surata düşdi we 80-e golaý aýdym ýazdyrdy. Ol 1973-nji ýylda, 40 ýaşyna ýetmänkä kino dünýäsinden çekildi we galan ömrüni haýwanlaryň hukuklaryny goramaga bagyşlady.

1986-njy ýylda ol haýwanlaryň saglygy we olary goramak üçin “Brižat Bardo gaznasyny” esaslandyrdy.

“Le Figaro” neşiri ol barada: “XX asyryň iň owadan zenany. Örän täsirli, haýran galdyryjy gözelligiň eýesi” diýip ýazdy.