Dünýä kompaniýalarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Amazon kompaniýasy birnäçe ýyl bäri özüniň ammarlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary ulanýar. Emma indi häzirki wagtda ol bu ulgamlaryň ulanylyşyny has-da giňeltmek maksady bilen 600 müň işçini 2033-nji ýyla çenli robot ulgamlary bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada “The New York Times” gullugy habar berýär. Kompaniýanyň baş maksady täze işgärleri işe almagy azaltmak we artýan sargytlara bökdençsiz tiz wagtda hyzmat etmek üçin işjeň robotlaryň sanyny artdyrmak bolup durýar. Sebäbi häzirki wagtda kompaniýanyň ammarlarynda we eltip bermek ulgamlarynda 1,5 milliondan gowrak adam işleýär. Ol bu ulgamda ABŞ-da federal hökümetden we Walmartdan soň adam sany boýunça 3-nji uly iş beriji kompaniýa hasaplanýar. Bu bolsa geljek onýyllygyň dowamynda işçi güýjini 1,5 milliondan 900 müňe çenli azaldar. Neşiriň ýazmagyna görä, kompaniýa jemgyýetçilikde bu ädilen ädimleriň howpsuz we ösüşe gönükdirilen üstünlik hökmünde kabul edilmegi üçin aýratyn strategiýasyny hem taýýarlaýar. Resminamalarda “awtomatlaşdyryş” we “emeli aň” ýaly sözleriň ýerine “öňdebaryjy tehnologiýalar” diýen adalgany ulanmak, “robot” sözüniň ýerine bolsa adam bilen bilelikde işleýändigini görkezýän “kobot” (collaborative robot) adyny ulanmaklyk maslahat berilýär.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby
PDF









