Sadalyk. Rus kompozitory Sergeý Rah­ma­ni­now Ame­ri­ka ba­ran­da, bir aý­dym-saz bi­ler­me­ni geň ga­lyp so­rap­dyr:
– Maest­ro, bagyşlaň welin, siz nä­me üçin beý­le sa­da ge­ýin­ýär­si­ňiz?
– Bu ýer­de me­ni ba­ry­bir hiç kim ta­na­nok – di­ýip, Rah­ma­ni­now jo­gap be­rip­dir.
Wag­tyň geç­me­gi bi­len hem kom­po­zi­tor öz en­digi­ni hiç hili üýt­get­män­dir.
Şol bi­ler­men bir­nä­çe ýyl­dan soň ýe­ne so­ra­ýar:
– Maest­ro, si­ziň mad­dy hal-ýag­daý­yňyz ep-es­li go­wu­laş­sa-da, siz go­wy ge­ýin­jek bol­ma­dy­ňyz.
Rah­ma­ni­now eg­ni­ni gy­syp:
– O nä­mä ge­rek, me­ni şeý­le-de hem­me­ler ta­na­ýar ahy­ryn – di­ýip, jo­gap be­rip­dir.

Üýt­ge­şik saz. Ital­ýan kom­po­zi­to­ry Joa­kki­no Ros­si­ni Bet­ho­we­niň «Gah­ry­man­çy­lyk» at­ly sim­fo­ni­ýa­sy­ny diň­lä­nin­den soň, haý­ran ga­lyp şeý­le di­ýip­dir:
– Şeý­le sazy ýa­zyp, ker bol­ma­ga-da ra­zy bol­saň bor-la, se­bä­bi mun­dan owa­dan sim­fo­ni­ýa­ny döretmek as­la müm­kin däl!

Ma­za­ly çor­ba. Rus kom­po­zi­to­ry Ser­geý Ta­ne­ýe­wiň aş­pe­zi bir gün ho­jaýy­ny­nyň az kon­sert ber­ýändi­gin­den bi­ra­hat bo­lup­dyr.
– Iň bol­man­da ýe­ne-de bir ýer­de çy­kyş et­se­diň, Ser­geý Iwa­no­wiç, bol­ma­sa lawr ýap­rak­la­ry­myz gu­tar­ýar.
Kom­po­zi­tor çal­ýan sa­zy bi­len çor­ba­nyň ara­syn­da nä­me bag­la­ny­şy­gyň bar­dy­gy­ny bil­mek is­läp­dir. Gör­lüp otu­ryl­sa, aş­pez onuň muş­dak­la­ry­nyň be­ren lawr çe­men­le­rin­den go­pa­ry­lan ýap­rak­la­ry çor­ba at­ýan eke­n.

Bagt­ly adam. Bir ge­zek wenger pianinoçysy Ferens List ha­ýyr-sa­ha­wat kon­ser­tin­de hö­wes­jeň wio­lon­çel ça­ly­jy bi­len sa­zan­dar­lyk edip­dir. Ol sa­zy şeý­le bir bu­laş­dy­ryp­dyr we­lin, List so­ňaba­ka onuň se­si­ni bas­ma­ga dyr­ja­şyp­dyr.
– Seň ed­ýä­niň nä­me, men özü­mi eşi­dip bi­le­mok – di­ýip, wio­len­çel ça­ly­jy py­şyr­dap­dyr.
– On­da sen bagt­ly adam – di­ýip, List hem pyşyrdap jogap beripdir.
Ha­las et­mek üçin. Awstriýaly kompozitor Frans Le­gar ýurdunyň bir şäherinde öz eser­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän or­kestre di­riž­ýor­lyk edip­dir. Frans bi­rin­ji taýýarlyk­dan soň, kon­sert za­ly­nyň di­rek­to­ry­na ýüz­le­nip:
– Si­ziň or­kest­ri­ňiz­de sur­naý­çy we dep­rek­çi şeý­le bir ga­ty çal­ýar we­lin skrip­ka we wio­len­çel as­la eşi­dil­me­ýär diýen ýaly – di­ýip­dir.
– Bi­ziň et­jek bol­ýan za­dy­myz hem şol-da, siz bi­ziň skrip­ka­çy­la­ry­my­zy we wio­lon­çel ça­ly­jy­la­ry­my­zy bil­me­ýär­si­ňiz-dä – di­ýip, di­rek­tor dü­şün­di­rip­dir.

Ar­fa­çy. Bir ge­zek Arturo Tos­ka­ni­ni sim­fo­ni­ýa di­riž­ýor­lyk edip­dir. Sim­fo­ni­ýa­nyň do­wa­myn­da ar­fa­çy­nyň et­me­li ýe­ke­je işi bo­lup, di­ňe bir ge­zek ýe­ke-täk no­ta­ny çal­ma­ly eken. Ýö­ne ar­fa­çy ony ýo­ýup­dyr. Tos­ka­ni­ni tu­tuş sim­fo­ni­ýa­ny gaý­ta­dan çaldyrýar, ýö­ne ar­fa gezek ge­len­de sa­zan­da ýe­ne-de ýoý­ýar. Mu­ňa ga­ha­ry ge­len Tos­ka­ni­ni zal­dan çy­kyp gid­ýär. Ag­şam kon­sert gu­ral­ýar. Şow­suz ar­fa­çy or­kestr­de öz or­nu­ny eýe­läp, saz guralyny ga­byn­dan çy­ka­ran­da ar­fa­nyň äh­li tar­la­ry­nyň go­pa­ry­lyp, di­ňe ýe­ke-täk bir ta­ry­nyň – ge­rek­li­si­niň gal­dy­ry­lan­dyg­na gö­zi düş­ýär.

Top­lan we ter­ji­me eden
Gül­za­da ÇA­RY­ÝE­WA,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­sy.