Meş­hur ame­ri­kan su­rat­ke­şi Ro­bert (Bob) Ros­suň kar­ti­na­la­ry auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Sun­gat eser­le­ri ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da ga­ra­şy­lan­dan has ýo­ka­ry ba­ha­dan sa­tyl­dy. Ross 1990-njy ýyl­lar­da te­le­wi­zor­da gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly su­rat çek­me­gi bi­len köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. «Bel­ki şu ýer­de ki­çi­jik şa­dy­ýan agaç bar­dyr» sö­zi bi­len adam­la­ryň ýa­dyn­da ga­lan Ros­suň eser­le­ri­ni Bon­hams auk­si­on öýi sa­tu­wa çy­kar­dy.
To­ma­şa­çy­la­ra tö­leg­siz ýaý­lym hö­dür­le­ýän te­le­ýaý­lym­la­ra gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len auk­si­on­da üç kar­ti­na je­mi 600 müň ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gym­ma­da sa­tyl­dy. 1993-nji ýyl­da «The Joy of Pa­in­ting» gep­le­şi­gin­de çe­ki­len «Win­ter’s Peace» (Gy­şyň asu­da­ly­gy) at­ly kar­ti­na 318 müň ame­ri­kan dol­la­ry­na sa­tyl­dy. Şol ýyl çe­ki­len «Ho­me in the Val­ley» (Jül­ge­dä­ki öý) at­ly ese­ri 229 müň, «Cliff­si­de» (Kert ga­ýa) at­ly eser 114 müň 800 ame­ri­kan dol­la­ry­na sa­tyl­dy.

Yhlas Kömekow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.