Ýokary depginde dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “Inter Maýami” topary 2-nji duşuşygynda “Portony” 2-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda amerikan klubuna ýeňiş getiren 2-nji goly toparyň argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi geçirdi. Ol 54-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndaky ýarym halkanyň gutarýan ýerinden, derwezäniň göni gabadyndan ýerine ýetiren erkin urgusy bilen topy tora girizdi. Bu onuň karýerasy boýunça jerime urgusyndan geçiren 68-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Messi jerime urgularyndan gol geçirmekde 3-nji orunda barýar. Ondan öňde braziliýaly futbolçylar bolup, futbolyň şasy, merhum Pele 70 gol bilen 2-nji ýeri eýeleýär. Sanawyň başynda bolsa esasanam juda uzak aralyklardan topy batly urgy bilen derwezä geçirmekde ussatlyk görkezen Juninio Pernambukanonyň ady bar. Ol 77 goly jerime urgusyndan geçirmegi başardy.
Lionel Messi jerime urgusyndan geçiren gollarynyň 50-sini “Barselonada”, 11-sini milli toparda, 5-sini “Inter Maýamide” hem-de 2-sini PSŽ-de geçirdi. Şeýle-de, Messiniň “Inter Maýamide” geçiren gollarynyň sany-da 61 oýunda 50-ä ýetdi.
Dünýä futbolynyň başga bir super ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň 64 goly bolup, ol sanawda 7-nji orunda barýar.