ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklara badalga berildi. Şu wagta çenli oýnalan oýunlarda Günorta Amerikanyň wekilleri ýeke gezek hem ýeňilmedi.
“A” toparçada ýerli “Inter Maýami” topary “Porto” bilen duşuşdy. Portugal kluby 8-nji minutda Samunyň penaltiden geçiren goly esasynda öňe saýlandy. Ýöne amerikan topary ruhdan düşmän 2-nji ýarymyň başynda 2 gol geçirdi. Gollary 47-nji minutda Segowiýa hem-de 54-nji minutda jerime urgusyndan Lionel Messi geçirdi.
Toparçadaky beýleki oýunda Braziliýanyň “Palmeiras” topary Müsüriň “Al-Ahli” toparyny Abu Ali (49 ö.d.) hem-de Flako Lopesiň (59) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.
Bu duşuşyklardan soň “Palmeiras” bilen “Inter Maýaminiň” 4 utugy bar.
“B” toparçada PSŽ topary Pasadenada Braziliýanyň “Botafogo” toparyndan 1-0 hasabynda ýeňildi. Topa 70 göterimden gowrak erk edip, 20-ä golaý urgy geçiren PSŽ-niň derwezesinden duşuşygyň ýeke-täk goluny 36-njy minutda Igor Žesus geçirdi.
“Atletiko Madrid” bolsa amerikanlaryň “Sietl Saunders” toparyny Pablo Barrios (11, 55) hem-de Aksel Witseliň (47) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Sietllilerden Rusnakyň 50-nji minutdaky goly ýeňşe ýetmedi.