Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Bawariýa” myhmançylykda “Werder” toparyny Keýniň (22 p, 25) hem-de Goreskanyň (70) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Keýniň karýerasy boýunça geçiren gollarynyň sany 500-e ýetdi. Keýne 500 gola ýetmek üçin 743 duşuşyk gerek boldy. Ol Messiden soň 500 gola iň çalt ýetene 2-nji futbolçy bolmagy başardy. Messi 632 oýunda 500 gol geçiripdi. Girassiniň 2 gol geçiren oýnunda “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Maýnsy 4-0 hasabynda utdy. Şol hasap bilen “Baýer” hem “Sankt-Pauli” toparyndan üstün çykdy.
22-nji tapgyryň netijeleri:
Borussiýa D – Maýns: 4-0 (Girassi 10, 42, Baýer 15, Kor 84 ö.d.),
Hoffenhaým – Fraýburg: 3-0 (Asllani 46, Kabak 51, Žandre 90+5),
Hamburg – Union Berlin: 3-2 (Kenigsderffer 35, 82, Kapaldo 45+2 – Kwerfeld 28 p, Iliç 89),
Werder – Bawariýa: 0-3 (Keýn 22 p, 25, Goreska 70),
Baýer – Sankt-Pauli: 4-0 (Kuansa 13, Şik 14, Tapsoba 52, Poku 78),
Aýntraht – Borussiýa M: 3-0 (Braun 24, Amaimuni 34, Knauff 75),
Ştutgart – Köln: 3-1 (Demirowiç 15, 84, Undaw 90+2 – Ahe 79),
Augsburg – Haýdenhaým: 1-0 (Klod-Morris 80 p),
Leipsig – Wolfsburg: 2-2 (Diomande 70, Gruda 89 – Amura 52, Swanberg 78)
PDF









