“Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” platformalaryna eýeçilik edýän “Meta” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýegine degişli girdejileri barada maglumat berdi. Üç aýyň dowamynda kompaniýanyň girdejisi 6,6 göterim ösüpdir. Degişli döwürde kompaniýa 27,9 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa, 21 göterim azalyp, 7,5 milliard dollar bolupdyr. Geçen ýylyň degişli döwründe “Meta” 9,5 milliard dollar peýda gazanypdyr. Kompaniýanyň 2021-nji ýylyp birinji çärýeginde 3,30 dollar bolan her paýnamadan alýan peýdasy bu ýyl 2,72 dollar bolupdyr.
Degişli döwürde “Facebook”-yň işjeň ulanyjylarynyň sanyny artandygy mälim edildi. Mart aýynda jemgyýetçilik torunyň ulanyjylarynyň sany 4 göterim artyp, 1,96 milliarda ýetipdir.
“Meta” ýylyň ikinji çärýeginde 28-30 milliard dollar aralygynda girdejä garaşýandygyny mälim etdi. Bu maglumat ýaýradylandan soňra kompaniýanyň Nýu-Ýork biržasyndaky paýnamalarynyň bahasy 16 göterim ýokarlandy.
Güljemal Meredowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby