Birleşen Arap Emirlikleriniň iň köp ilatly şäheri bolan Dubaýyň ýolbaşçylary blokçeýn we metawers kompaniýalarynyň müňden gowragyny şähere çekmegi maksat edinýär. Şäher metawers tehnologiýasy babatda dünýäniň öňdebaryjy 10 şäheriniň hataryna goşular. Şäherde 2030-njy ýyla çenli 40 müňden gowrak «hyýaly» iş ornunyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada ýaýradylan maglumatda bu maksatnamanyň Dubaýyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrjakdygy we BAE-däki blokçeýn kompaniýalarynyň sanynyň 5 esse artdyryljakdygy mälim edildi. BAE-niň emeli aň we sanly ykdysadyýet ministri Omar bin Sultan Al Olama metawersiň BAE-niň täzeçillik çözgütlerini hödürlemekde, adamlaryň durmuşyna oňyn goldaw bermekde we şäheri täze ykdysady mümkinçilikleri hödürleýän «akylly» merkeze öwürmekde maksatnama goldaw berjekdigini belledi.
Ýeri gelende bellesek, PwC kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli «hyýaly hakykat» tehnologiýasynyň BAE-niň ykdysadyýetine 4 milliard dollar goşant goşjakdygy çaklanylýar.