22-nji oktýabrda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda öňdebaryjy iş usullaryny hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwürleýin neşir önümleriniň täze görnüşde işjeň ýaýradylmagynyň maglumat tehnologiýalarynyň artýan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendigini belledi. Neşirleriň sanly görnüşe geçirilmegi okyjylaryň täze neslini — ykjam we döwrebap enjamlardan peýdalanyjylary çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň web-saýtlarynda ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy, häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.