1872-nji ýylyň 20-nji fewralynda Nýu-Ýorkda dünýäniň iň uly sungat ojaklarynyň biri bolan Metropoliten muzeýi açyldy. Muzeýiň düýbi hünärmenleriň hem-de hemaýatçylaryň goldawy bilen tutuldy. Muzeýiň ilkinji sergisi Ýewropadan satyn alnan 174 sany suratdan ybaratdy. Häzirki wagtda bolsa, muzeýiň «Central Park»-daky ägirt uly binasynda dünýäniň dört künjeginden getirilen hususy kolleksiýalar görkezilýär.
PDF









