Şanhaýda 425 million dollar maýa goýumy bilen açylan bu kärhana her 36 sekuntda täze bir şina öndürmäge ukyplydyr. Sanly ulgam we emeli aň arkaly dolandyrylýan zawod, önümi sargyt edilen pursadyndan ugratmaga çenli wagty iki esse gysgaltdy. Kärhana aýratyn çeýeligi bilen tapawutlanyp, hatda 100 sany şina ýaly kiçi göwrümli sargytlary hem gysga wagtda ýerine ýetirip bilýär. Täze desganyň önümleriniň 70%-i Hytaýyň çalt ösýän elektroulag we gibrid awtoulaglary bazaryna niýetlenendir.
PDF









