ABŞ-da Miçigan kölünde 150 ýyldan gowrak wagt ozal batan we iň gözlenilýän gamileriň biri hasaplanýan «Lac La Belle» ýolagçy gämisi tapyldy. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berdi.
Gäminiň bölekleri Wiskonsin ştatyndaky Rasin we Kenoşa şäherleriniň arasynda, kenardan 32 kilometr uzaklykda tapyldy. Ony 60 ýyl bäri gözläp gelýän guwwas Pol Ehorn tapdy. Ehorn ýörite enjamyň kömegi arkaly gäminiň üstünden barandygyny habar berdi.
«Lac La Belle» gämisi Miluokiden 1872-nji ýylyň oktýabrynda 53 ýolagçy, ekipažyň agzalary hem-de agyr ýük bilen ýüzüşe ugrapdyr. Emma deňizde gaý dörände, gark bolupdyr. Sekiz adam heläk bolupdyr, galanlaryny halas etmek başardypdyr.
Gämini barlaýjylar onuň daşky örtüginiň midiýalar bilen örtülendigini, ýokary kaýutalarynyň ýokdugyny, emma korpusynyň bitindigini, dub agajyndan edilen içki böleginiň oňat saklanandygyny aýdýarlar.