12-nji iýunda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda «Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa we sebit döwletleriniň bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Halkara maslahatda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigini belledi. Mälim bolşy ýaly, migrasiýa, durnukly ösüş we ekologiýa meseleleri sebit ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şeýle hem, maslahatda migrantlaryň hukuklarynyň goralmagynda we ekologiýa taýdan durnuklylykda, şeýle hem parahatçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerini durmuşa geçirmek ugrunda edilýän tagallalary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ynsanperwer meseleleri babatynda ýurdumyzda geçirilen köp sanly maslahatlar, duşuşyklar, forumlar we halkara çäreler tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.
Maslahatyň dowamynda wekiliýetler “Häzirki zaman talaplaryna laýyk usullar: şahsyýeti anyklamak we resminamalary dolandyrmak”, “Ekologiýa bilen bagly kanunçylyklar we olaryň migrasiýa edýän täsiri”, “Raýatsyzlyk we ony aradan aýyrmagyň ýollary hem-de hukuk taýdan çözgütleri”, “Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” hem-de “Sebitleýin hyzmatdaşlyk: parahatçylyk we ynam durnukly ösüşiň esaslary we netijeli migrasiýa syýasatynyň binýady” atly mowzuklarda çykyş edip bular babatda ileri tutýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem çykyş edenler geçen ýylyň 8-nji noýabrynda ýurdumyzda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigini nygtap, Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara düzgüniniň netijeligini berjaý etmek bilen, raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryna goşulyşyp, olardaky kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrandygy we bu Konwensiýalardan gelip çykýan raýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen bagly esasy wezipeleri ilkinjileriň hatarynda doly berjaý edendigini buýsanç bilen nygtadylar.
Taraplar migrasiýa ulgamynda işleýän edaralarda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, resminamalaryň sanly dolanyşygynyň ýola goýulmagy, raýatlara sanly programmalary we täze tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi babatda sebitdäki ýurtlaryň ýeten derejesi barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Ýurdumyzda halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çeşme: migration.gov.tm