Renesans döwrüniň italýan suratkeşi Mikelanjelo Buonarrotiniň täze tapylan çyzgysy “Christie’s” auksionynda 27,2 million dollara satyldy. Bu barada söwda öýüniň metbugat gullugy habar berýär.
“Täze tapylan çyzgy örän uly baha – 27,2 million dollara satyldy. Bu baha onuň iň pes çaklanylan bahasyndan, takmynan, 20 esse ýokary bolup, Mikelanjelonyň auksionlardaky işleri üçin täze rekord boldy. Mundan öňki rekord 2022-nji ýylda Pariždäki “Christie’s” auksionynda başga bir çyzgy üçin tölenen 24,3 million dollara deňdi” diýlip, maglumatda bellenilýär.
“Christie’s” hünärmenleri gyzyl mel bilen çekilen we ozal nämälim bolan bu çyzgyda liwiýaly Siwillanyň sag aýagynyň dabanynyň şekillendirilendigini anykladylar. Bu gadymy gurrandaz zenanyň şekilini Watikandaky Sikstin kapellasynyň diwar suratlarynda (freskalarynda) görüp bolýar. Bu iş suratkeşiň Rimdäki kapella üçin döreden 50-ä golaý çyzgysynyň biridir.
Nýu-Ýorkda guralan auksion söwdalary 45 minut dowam etdi. Satyn alan adamyň şahsyýeti mälim edilmeýär. “Christie’s”-iň maglumatyna görä, dünýä boýunça italýan suratkeşiniň diňe on çemesi çyzgysy hususy kolleksiýalarda saklanýar.