Dün­ýä­niň mo­da paý­tag­ty bo­lan Mi­la­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar il­ki bi­len «dik to­ka­ýy» syn­la­ma­ga how­lug­ýar­lar. Mi­lan­da 2014-nji ýyl­da gur­lup gu­ta­ry­lan da­şy to­ka­ýa bü­re­nen iki sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ital­ýan ar­hi­tek­to­ry Ste­fa­no Boe­ri ta­ra­pyn­dan tas­la­ma­sy iş­le­nip dü­zü­len bu jaý­la­ryň her ga­ty­nyň eý­wan­la­ryn­da gö­ge­rip otu­ran agaç­lar bar. Şä­her­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek hem-de şä­he­re be­zeg ber­mek mak­sa­dy bi­len ýan-ýa­na gur­lan ýa­şyl ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bi­ri­niň be­ýik­li­gi 112 met­re, beý­le­ki­si­niň be­ýik­li­gi 80 met­re ýet­ýär. Jaý­lar, de­giş­li­lik­de, 24 we 17 gat­dan yba­rat bo­lup, je­mi 113 öý bar. Iki jaý­da je­mi 800 agaç, 5 müň düýp gy­rym­sy agaç, 15 müň­den gow­rak dür­li ösüm­lik­ler ös­ýär. Ýer ör­tü­gi hem-de kis­lo­rod bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün edi­len «dik to­kaý» adam­lar bi­len bir ha­tar­da, 1 müň 600-den gow­rak guş­la­ryň we ke­be­lek­le­riň ýa­şa­ýyş mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Mi­la­nyň ýa­şyl jaý­la­ry ula­ny­şa ber­le­ni bä­ri köp san­ly baý­rak­la­ra we sy­lag­la­ra my­na­syp bol­dy.