Ýakynda Stambul şäherinde geçirilen «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat geçirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsiniň diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem, tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy barada nygtap: “Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni alyş-çalyş üçin açyk-aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz mirasy gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli etmekden ybaratdyr” diýip belledi.
Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan I.Orazowa Şahadatnama gowşuryldy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF









