Futbol janköýerleriniň arasynda milli çempionatlaryň seresi hasaplanýan Angliýanyň “Premier Ligasynyň” täze 33-nji, umumylykda iňlis futbolynyň iň ýokary ligasynyň 127-nji möwsümi şu gije çempion “Liwerpul” bilen “Bornmutyň” arasyndaky oýun bilen başlanar (00:00).

20 klubuň çykyş edýän ligasynyň çempionlygyň dalaşgärleri her möwsümde bolşy ýaly, täze möwsümde-de 4-5 topar hasaplanýar. “Liwerpul”, “Arsenal”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenham” toparlary çempionlygyň esasy dalaşgärleri diýlip görkezilýär. 25 ýyldan soň duşuşyklarda oýnaljak toplary öndürýän şereket çalşyrylyp, APL-de mundan soň “Nike” däl-de, “Puma” şereketiniň toplary ulanylar.

20 toparyň 3-sinden galanyna daşary ýurtly tälimçiler tälim berýär. Bu görkeziji şu wagta çenli “Premier Ligada” iňlis tälimçiniň näme üçin çempionlyk gazanyp bilmändigini görkezýär. Dünýäde iň az ýerli tälimçili çempionatlaryň biri bolan APL-däki klublaryň 4-sine ispan, 4-sine portugal, 2-sine nemes hünärmenleri tälim berer. Şeýle-de, Italiýadan, Şotlandiýadan, Awstriýadan, Irlandiýadan, Daniýadan, Fransiýadan hem-de Niderlandlardan 1 tälimçi klublary türgenleşdirer. Çempionatda diňe 2 klubuň tälimçisi çalşyrylyp, galan klublar geçen möwsümdäki tälimçiler bilen täze möwsüme başlarlar. “Tottenham” toparynda Anže Postekoglu Ýewropa Ligasynyň çempionlygyna garamazdan, çempionatdaky orny göz öňünde tutulyp, klubdan ugradyldy. Onuň ornuna Londonyň başga bir kluby “Brentfordyň” daniýaly tälimçisi Tomas Frank wezipä bellendi. Frankyň deregine bolsa irlandiýaly Keit Andrýuws “Brentfordyň” täze tälimçisi boldy.

20 klubuň 7-si London şäherine degişli bolup, şol sebäpli her tapgyrda diýen ýaly paýtagt derbisi oýnalar. “Lids Ýunaýted” 2, “Börnli” 1, “Sanderland” topary-da 8 ýyldan soň “Premier Liga” dolandy. Çempionatyň ilkinji 7 tapgyrynda esasan hem “Arsenal” güýçli garşydaşlar bilen duşuşyp, her hepde azyndan 2 sany uly duşuşyk geçiriler.

LIWERPUL. Ýurgen Kloppdan soň bellenen Arne Slotuň tälimçiligindäki ilkinji möwsümde “Mançester Sitiniň” yzly-yzlyna 4 çempionlygyny soňlan “Liwerpul” täze möwsümde-de altyn medalyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Transfere ugradan Darwin Nunýes, Luis Diaz, Aleksander-Arnold, aradan çykan Diogo Žota ýaly futbolçylaryň ornuna Wirts, Ekitike, Mamardaşwili, Kerkez, Frimpong dagyny düzümine goşan “Liwerpul” Salah, Gakpo, Wan Deýk ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar.

MANÇESTER SITI. Geçen möwsümi ençeme ýyldan soň kuboksyz tamamlan “Mançester Siti” hem-de Pep Guardiola tomusda Reýnders, Şerki, Ait-Nuri ýaly oýunçylary transfer etdi. De Bruýne hem-de Griliş klubdan giden esasy oýunçylar boldy.

ARSENAL. Topçular üçin şu möwsüm, şol möwsümiň bolmagyna garaşýanlaryň sany az däl. “Arsenal” Kepa, Zubimendi, Norgor, Madueke, Gýokereş, Moskera ýaly futbolçylar üçin 200 milliona golaý ýewrony sarp eden tälimçi Artetanyň klubundan Žoržinio, Parti, Tomiýasu, Tirni dagy başga klublara gitdiler

ÇELSI. Geçen möwsümi Konferensiýa Ligasynyň hem-de FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň çempionlyklary bilen tamamlan “Çelsi” topary ýene-de ep-esli futbolçyny transfer etdi. 300 million ýewro golaý çykdajy eden londonlylar Essugo, Delap, Sarr, Žoao Pedro, Gittens, Hato, Estewao ýaly oýunçylary alyp, Arrizabalaga, Petrowiç, Madueke, Žoao Feliks, Dewsbýuri-Holl, Ugoçukwu, Broýa dagyny hem başga toparlara ugratdy.

MANÇESTER ÝUNAÝTED. Ruben Amorimiň tälimçiliginde şowsuzlyk babatda taryhy möwsümi başdan geçiren “Ýunaýted” 3 sany ýyldyz hüjümçini – Mateus Kunýa, Braýan Mbemo hem-de Benýamin Şeşko dagyny goşdy. Reşford, Eriksen, Lindelöf dagy başga kluba gidip, topardan ýene-de käbir oýunçylaryň ugradylmagyna garaşylýar.

I TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY

15-nji awgust (anna)

Liwerpul – Bornmut (00:00)

16-njy awgust (şenbe)

Aston Willa – Nýukasl (16:30)

Braýton – Fulham (19:00)

Sanderland – West Ham (19:00)

Tottenham – Börnli (19:00)

Wulwerhempton – Mançester Siti (21:30)

17-nji awgust (ýekşenbe)

Nottingam Forest – Brentford (18:00)

Çelsi – Kristal Palas (18:00)

Mançester Ýunaýted – Arsenal (20:30)

18-nji awgust (duşenbe)

Lids – Ewerton (00:00)

 

Arsenal
London
Emirates Stadium - 60 704
Mikel Arteta (Ispaniýa)
Aston Willa
Birmingem
Villa Park - 42 918
Unaý Emeri (Ispaniýa)
Bornmut
Bornmut
Dean Court - 11 307
Andoni Iraola (Ispaniýa)
Brentford
London
Brentford Community Stadium - 17 250
Keit Andrýuws (Irlandiýa)
Braýton
Braýton end How
Falmer Stadium - 31 876
Fabian Hürzeler (Germaniýa)
Börnli
Börnli
Turf Moor - 21 944
Skott Parker
Çelsi
London
Stamford Bridge - 40 173
Enzo Mareska (Italiýa)
Kristal Palas
London
Selhurst Park - 25 194
Oliwer Glasner (Awstriýa)
Ewerton
Liwerpul
Everton Stadium - 52 769
Dewid Moýes (Şotlandiýa)
Fulham
London
Craven Cottage - 29 589
Marko Silwa (Portugaliýa)
Lids Ýunaýted
Lids
Elland Road - 37 645
Daniel Farke (Germaniýa)
Liwerpul
Liwerpul
Anfield - 61 276
Arne Slot (Niderlandlar)
Mançester Siti
Mançester
Etihad Stadium - 52 900
Pep Guardiola (Ispaniýa)
Man. Ýunaýted
Mançester
Old Trafford - 74 197
Ruben Amorim (Portugaliýa)
Nýukasl
Nýukasl-apon-Taýn
St James' Park - 52 258
Eddi Haw
Nottingam Forest
West Brijford
City Ground - 30 404
Nuno Espirito Santo (Portugaliýa)
Sanderland
Sanderland
Stadium of Light - 49 000
Režis Le Bri (Fransiýa)
Tottenham
London
Tottenham Hotspur Stadium - 62 850
Tomas Frank (Daniýa)
West Ham
London
London Stadium - 62 500
Grem Potter
Wulwerhempton
Wulwerhempton
Molineux Stadium - 31 750
Witor Pereira (Portugaliýa)