Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy geçirildi.
3-nji fewralda BMG-niň wekilhanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary, bu ugurdaky halkara we milli hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar agzalan maksatnamanyň çäklerinde edilen işleri özara maslahatlaşyp, degişli ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurdaky alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm