Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň bu iş sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Tokionyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Ýaponiýanyň resmi wekilleri garşyladylar.

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan, ýurdumyzyň halkynyň we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bu saparyň türkmen halkynyň belent adamkärçiligini görkezýändigini we ýapon halkyna bildirilen beýik mertebedigini aýratyn nygtap, agyr günde medet beriji sözleri aýtmak üçin ýörite saparyň guralandygy üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza tutuş ýapon halkynyň adyndan, şeýle-de öz adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi. Bu çözgüt dostlukly ýurduň wekilleriniň ýapon halkynyň gynanjyny we şatlygyny deň paýlaşmaga taýýardygyny aňladýar. Munuň özi biziň üçin uly hormatdyr diýip, dostlukly ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy aýtdy we Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyna ünsi çekip, häzirki wagtda bütin dünýäde bu tebigy baýlyga uly isleg bildirilýändigini belledi. Biz bu ugurda türkmen tarapy bilen gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hyzmatdaşlyk özara bähbitli bolmak bilen, ykdysady ösüşlere beslener.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz netijeli gepleşikleriň geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, parlament gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde türkmen tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady hem-de Hosoda Hiroýukini özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.