Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli özgertmeler, uly ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň halk häkimiýetiniň dabaralanmagynyň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň döredijilikli ösüşiniň milli kanunçylyk esaslaryny has-da pugtalandyrmagyň hatyrasyna, konstitusion-hukuk özgertmeler boýunça taryhy işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşy aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak arkaly ýurdumyzda Parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly gurluşyny döretmek, Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak barada nygtap geçendigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň barşynda kabul eden «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda» Karary ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň täze tapgyryna badalga bolup hyzmat eder. Bu işleriň hukuk esaslaryny goýmak maksady bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi we onuň dünýä ölçeglerine laýyk getirmegi hem aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen döwletiniň döwrebap, kämil Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady bolmak bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap eýýamynyň berkarar bolmagynyň hem-de milli demokratiýamyzyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat eder.
Gahryman Arkadagymyz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny ýokary derejede üpjün etmek, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak boýunça alyp barýan beýik işleriniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaklyga ýardam edýär.
Garaşsyz Watanymyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň hormatlanmagy, goralmagy we netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda taryhy ähmiýetli demokratik özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Hurma Çaryýewa,
Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýüniň fizioterapewt lukmany, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap halk maslahatynyň agzasy.