Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasaty ösüşiň täze netijelerine eýe bolýar. Häzirki wagtda Berkarar döwletimiz oňyn Bitaraplyk hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň bank ulgamyny diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak wezipesinden ugur alyp, ulgama sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän sanly bank önümleriniň gerimini giňeltmek hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabry Türkmenistanyň taryhyna ýurduň döwlet Garaşsyzlygy baradaky işleriň amala aşyrylmagynda örän möhüm wakalaryň biri hökmünde girdi, ençeme asyrlaryň dowamynda ilkinji gezek milli pulumyz girizildi we şol ýyldan bäri Türkmenistanyň milli pul ulgamy hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy köp derejede ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň talabalaýyk guralyşyna baglydyr. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamlaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň işiniň anyk çözgüdini ýurdumyzyň maliýe-býujet, nyrh, salgyt, pul-karz syýasatlaryndan görmek bolýar.
Häzirki wagtda haryt-pul gatnaşyklarynda pul diňe esasy gural bolman, eýsem, döwletiň ösüşini häsiýetlendirýän görkezijidir. Ykdysadyýetiň ösüş derejesi aýlanyşykdaky pullaryň durnukly, hümmetli bolmagyna köp derejede baglydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Iki derejeli bank ulgamynyň döredilmegi birnäçe täjirçilik banklarynyň döremegine sebäp boldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň bank ulgamyna daşary ýurt banklarynyň şahamçalary we wekilhanalary hem ornaşdy. Şeýlelikde, Türkmenistanda maliýe bazarynyň döremegi bilen bank hyzmatlaryny ulanýan alyjylaryň dörändigi hem bellenmäge mynasypdyr.
Ýene bir bellemeli zatlaryň biri-de, ähli pullaryň aýlanyşykda bolmagy gazanylmalydyr. Puluň belli bir möçberiniň aýlanyşykdan daşarda bolmagy, ýagny sandykda durmagy we hereketsiz ýatmagy pul ýetmezçiligini döredip biljek sebäpleriň biridir. Puluň ýetmezçiligi bolsa döwlet tarapyndan goşmaça pul goýberilmegine elter. Soňra beýleki hereketsiz pullaryň hem herekete girmegi olaryň çişmegine getirer. Bu bolsa belli bir derejede içerki önümiň mukdaryna görä puluň deňagramlylygyny saklamaga kynçylyk döredýär. Şonuň içinde ähli pullaryň banklarda saklanmagyny gazanmak zerur bolup durýar.
Halkara tejribesine laýyklykda, ösen ýurtlarda maliýe bazary hususy taraplaryň süýşürintgilerine esaslanýar. Bu soňky ýyllarda biziň döwletimize hem mahsus häsiýete öwrülip barýar. Çünki durmuş derejeleriniň ösmegi, amatly durmuş-ykdysady we maliýe syýasaty netijesinde ýurdumyzda günsaýyn ilatyň süýşürintgileriniň möçberiniň ösüş derejesi duýulýar.
Milli kanunçylykda maýadarlaryň hukuklarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi we olara degişli ýeňillikleriň, ynam kepillikleriniň berilmegi ýurdumyzyň geljekki durnukly ykdysady ösüşinden habar berýär. Çünki ilatdan we hususy ulgamyň subýektlerinden süýşürintgileriň howpsuz toplanmagy, olaryň gymmatynyň saklanmagy we öz ýurdumyzda maksadalaýyk ulanmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletiň esasy wezipeleriniň hatarynda seredilýär. Şeýle-de, maýadarlar hereket edýän banklarda gysga we uzak möhletleýin şahsy hasaplaryna süýşürintgileri goýmak boýunça oňyn tejribe topladylar. Bu bolsa ilatyň hem-de işewürleriň boş duran pul serişdelerini ulanmaklaryna, girdeji çeşmelerini artdyrmaklaryna goldaw boldy.
Geljekde ýurdumyzda banklaryň guramaçylyk-hukuk gurluşy tapgyrlaýyn esaslarda üýtgedilip, olaryň paýdarlar bankyna öwrülmegi, täze bank däl karz edaralarynyň döredilmegi we gazna bazarlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen, adaty däl amallaryň gerimini giňeltmekde dünýäniň ösen ýurtlarynyň banklarynyň iş tejribeleri öwrenilip, olary ýurdumyzyň banklarynda ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berler.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda geçirilýän ykdysady özgertmeler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar hem-de eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulandygyna ynam döredýär.
Häzirki wagtda hümmeti bir, bäş, on, ýigrimi, elli we bir ýüz manat bolan kagyz pullar we hümmeti on, ýigrimi, elli teňňe bolan ownuk şaýylyklar hem-de hümmeti bir we iki manat şaýy pullar dolanyşykdadyr. Olar Beýik Britaniýada ýerleşýän, kagyz pullary we beýleki gymmatly kagyzlary taýýarlaýan, öz önüminiň iň ýokary hilliligi bilen dünýäde tanalýan «Thomas de la Rue Company Limited» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy, şaýylyklar bolsa Londonda Korolyň zikgehanasynda zikgelendi.
Biz milli pulumyza hem edil Garaşsyzlygymyza buýsanyşymyz ýaly buýsanmalydyrys, hormat goýmalydyrys. Sebäbi manadyň dolanyşyga çykarylmagy Garaşsyzlygyň mukaddes nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty we durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri netijesinde Diýarymyz milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmeginiň 32 ýyllyk toýuny toýlaýar. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlylygynda asuda, bolelin, abadan we bagtyýar ýaşaýandygy baradaky şatlykly habarlary Ýer ýüzüniň ähli künjeklerine ýaýylyp gidýänliginden habar berýär.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda, banklaryň işlerini döwrebaplaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlangyçlary hemişe rowaç bolsun.
Ymamguly Rejepow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy,
Meret Meredow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         