Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda bolsa, täze türkmen milli manady aýratyn ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. 2009-njy
ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy geçirilip, milli puluň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa manadyň hümmetiniň has-da ýokarlanmagyna getirdi. Denominasiýa diýlende, ykdysadyýet ylmynda − bahalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine we köne pul belgileriniň täze görnüşlerine çalşyrylmagy arkaly milli walýutany berkitmek üçin görülýän çärelere düşünilýär.
Türkmen manady milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde we bank ulgamynyň işini pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaga, bank ulgamy üçin nagt pullary sanamak, daşamak ýaly işlerde ýörite amatlyklary döredýär. Bu bolsa ilat üçin hem örän ähmiýetli bolup, häzirki wagtda raýatlaryň zähmet haklary, kömek pullary, talyp haklary elektron töleg kartlary arkaly öz wagtynda talabalaýyk geçirilýär.
Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi. Söwda nokatlarynda we banklarda nagt puly sanamak üçin nagt däl hasaplaşyklar arkaly wagtyň tygşytlanmagy karz edaralarynyň we ykdysadyýetiň beýleki subýektleri üçin geçirilýän amallar bilen baglanyşykly çykdajylary peseltmäge oňaýly şertleri döredýär.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda halkara maýa goýum işjeňligini artdyrmak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan maýa goýumlary babatdaky halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulyp ösdürilmek bilen, Türkmenistan bu babatda barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, milli walýutamyzyň hümmetiniň durnuklylygy, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hukuk taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin döredilýän salgyt, gümrük boýunça ýeňillikler netijeli daşary ýurt maýa goýum syýasatynyň rowaçlanmagyna ähli zerur mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň halkara maliýe guramalarynyň işine işjeň gatnaşmagy, milli ykdysadyýetiň halkara hyzmatdaşlyk üçin açyklygy ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 2020-nji ýylda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşinde bu abraýly gurama tarapyndan ýurdumyza synçy derejesiniň berilmegi bolsa ýurdumyzyň amala aşyrýan söwda diplomatiýasynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ähli amatlyklary döredýär. Goý, jebisligiň goýnunda bagtyýarlygyň eşretini görüp röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulnabat GULLYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri dolandyrmak ugrunyň magistri.
PDF









