Şu ýyl şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döredijilik we ösüş ýoluny saýlap alan berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginiň binýadyny goýdy. Öňdengörüjilikli strategiýa, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylyk hem-de yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler jemi içerki önümiň ösüş depgininiň, senagat önümlerini öndürmegiň we daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.
Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Söwda ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolmak bilen, býujete gelýän salgytlaryň düýpli artmagyny üpjün edip, döwletiň maliýe taýdan durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugur kiçi telekeçilikde kärhanalaryň mukdary boýunça hem, zähmet çekýän adamlaryň sany babatda hem öňdäki orny eýeleýär. Şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 113 göterim, nah matalaryňkyda 117,9 göterim, gön önümleriniňkide 117,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 birža söwdasy geçirilip, olarda 27 müň 29 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime barabar boldy. Bu döwürde 20 sergi, 9 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini
105,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.
Diýarymyzda söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma we haly önümlerini, hususy önüm öndürijileriň dürli görnüşli harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Senagat we oba hojalyk pudaklaryny ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberi we gerimi düýpli artdy. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary alyjylara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär.
Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmakda meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Kompýuter tehnologiýalary merkezi» tarapyndan esaslandyrylan «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň hünärmenleri «Hengsheng Lianhua Investment Management Co., Ltd.» hem-de «Tongfang Hongkong Limited» ýaly öňdebaryjy hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. «Agzybirlik tilsimaty» haryt nyşany bilen öndürilýän enjamlar, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri, skanerler söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde tükrmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylmagy hem söwda we telekeçilik ulgamynyň ösüşine uly itergi berdi.
Aýlar ABAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
PDF









