Germaniýada ýaşaýan bir adam paltosynyň jübüsinde ýadyndan çykaran lotoreýa bileti sebäpli millioner boldy. “Lotto 6 aus 49” atly lotoreýa bilet alan adam ony jübüsinde goýupdyr. Şu ýylyň 29-njy martynda bolsa onuň ýadyndan çykaran bileti utuş gazanypdyr. Emma onuň eýesi 15 million 336 müň 286,40 ýewro puluny almak üçin lotoreýany guraýan edara ýüz tutmandyr. Edara köp wagt gözlese-de bu adamy tapmandyr. Lotoreýanyň eýesi howa salkynlap başlany üçin ýazda şkafa salyp goýan paltosyny geýende jübüsinde eplenen kagyzyň bardygyny görüpdir. Soňra bolsa, utan biletiň eýesidigini bilipdir.
Maşgalasy we çagasy bolan adam adaty durmuşyna dowam etjekdigini, häzirlikçe öýüne diňe bir sany täze diwan almakçydygyny aýdýar. Är-aýal ilki bilen çagalaryna gowy geljegi miras galdyrmagyň aladasyny edýär.