Mýanmanyň parlamenti ýurduň öňki wagtlaýyn Prezidenti we Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesi Min Aun Hlaýny resmi taýdan döwlet Baştutanlygyna saýlady. 3-nji aprelde bolup geçen bu saýlaw, 2025-2026-njy ýyllaryň parlament saýlawlaryndan soňra hökümetiň doly kemala gelmegini şertlendirýär we 2021-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän geçiş döwrüni tamamlaýar. Saýlawlaryň netijesinde harby güýçler tarapyndan goldanylýan Bileleşik agzybirligi we ösüş partiýasy ýeňiş gazanyp, täze syýasy tapgyryň başlanmagyna ýol açdy.
Min Aun Hlaýn 2021-nji ýylyň fewralynda häkimiýete geldi. Şondan bäri ol Döwlet dolandyryş geňeşine we wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk edip, 2024-nji ýylyň iýulyndan bäri wagtlaýyn Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýärdi. Onuň dolandyryşy döwründe goşunyň söweşjeň ukyby ýokarlandy.
Hünär derejesi boýunça ýokary serkerde (senior general) bolan Min Aun Hlaýn 40 ýyldan gowrak ömrüni harby gulluga bagyşlady. Ol 1956-njy ýylda Tawoý şäherinde dünýä indi, Ýangon uniwersitetinde hukuk bilimini aldy we Goranmak gullugynyň akademiýasyny tamamlady. Harby ýolunda wzwod serkerdesinden başlap, 2011-nji ýylda ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesi wezipesine çenli ýetdi.
Min Aun Hlaýn maşgalaly, buddizm dinine uýýar. Ol Mýanmanyň iň ýokary döwlet sylaglaryna, şeýle hem Russiýanyň we Tailandyň birnäçe abraýly orden-medallaryna mynasyp görüldi.
PDF









