12-nji martda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow awtoulagda maşgala agzalary bilen geldi.
Bu awtoulag ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda birkemsiz gulluk eden we watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezen, milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowa bitiren hyzmatlaryna hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berildi. Häzirki wagtda bu awtoulag gymmatly ýadygärlik hökmünde Berdimuhamedowlaryň maşgalasynda saklanýar.
Ilki bilen wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdiler.
Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ses bermegiň barşyna monitoring gözegçilik edýän milli we halkara synçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.
Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow «Halkymyz maňa ýokary ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlan ýagdaýynda, döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasat ugruny dowam eder» diýip, belledi.
Şeýle hem Prezident wezipesine dalaşgär milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryny mynasyp dowam etjekdigini aýtdy.