Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi web sahypasy (mlsp.gov.tm) arkaly giňişleýin sanly hyzmatlaryň ýola goýulandygyny habar berdi.
Ministrligiň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ulanyjylar üçin aşakdaky mümkinçilikler bar:
— kärhanalar we guramalar üçin şahsy hasap açmak
— hususy iş berijiler üçin hyzmatlardan peýdalanmak
— iş gözleýänler üçin onlaýn hyzmatlar
— hasabatlary elektron görnüşinde bermek
— zähmet we iş üpjünçiligi edaralary bilen özara gatnaşyk
— döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly tölegleri onlaýn tölemek
Ähli gyzyklanýan raýatlar we guramalar görkezilen telefon belgileri arkaly sanly hyzmatlar bilen işlemek barada maslahat alyp bilerler: 39-48-50, 39-48-33.