28-nji maýda Belarus Respublikasynyň “Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi” döwlet edarasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy.

Duşuşygyň başynda “Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi” döwlet edarasynyň müdiri L.Kondraşowa ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew çärä gatnaşyjylara bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeniýeti, sungaty we tebigaty barada gürrüň berýän surat sergisi guraldy hem-de ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny, özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän wideo şekiller görkezildi.

Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary ajaýyp aýdymlary we “Küştdepdi” halk tansyny öz içine alan konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Döwlet edarasynyň müdiri L.Kondraşowa 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyna gatnaşandygyny hoşallyk bilen ýatlady.

Çäräniň ahyrynda, Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Ilçihana tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.