29-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Hökümet Baştutanlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýeri M.Grigorýan mejlise göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Duşuşygyň gün tertibine 15 mesele girizildi. Kiçi düzümde Hökümet Baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem 2026–2035-nji ýyllar üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ylmy-tehnologik ösüş boýunça Strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar we tassykladylar.
Strategiýa ylmy-tehnologik özygtyýarlygy pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşyga agza döwletleriň multimodal ulag geçelgeleriniň sanlylaşdyrylmagy boýunça Strategiýanyň taslamasyna hem garadylar.
Bu Strategiýany işläp taýýarlamaga agza döwletleriň ulag ulgamyny mundan beýläk hem sanlylaşdyrmaga, logistika işlerini kämilleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga, ýükleriň daşalyş tizligini we açyklygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ekologiýa taýdan durnuklylygy üpjün etmäge bolan gyzyklanmalary esas boldy.
Mundan başga-da, mejlisde 2035-nji ýyla çenli maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.
Şeýle hem, GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasy kabul edildi.
Mejlisiň barşynda 2026-njy ýylda GDA-nyň çäklerinde “Saglygy goramak ýylyny” geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.
Geňeşiň mejlisine gatnaşyjylar Arkalaşygyň döwletleriniň birleşen howa goranyş ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça maliýeleşdirmek meselelerini, GDA-nyň edaralarynyň bütewi býujetini ýerine ýetirilmek, şeýle hem GDA agza döwletleriň uruş weteranlarynyň, ýagny ýerli gapma-garşylyklara gatnaşanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça Döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri maliýeleşdirilmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Owganystandaky uruş döwründe dereksiz ýiten harby gullukçylary gözlemek, jaýlanan ýerlerini anyklamak, galyndylary tapmak, şahsyýetini kesgitlemek we olary Watanlarynda täzeden jaýlamak boýunça meselelere hem garaldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.