Moldowada geçirilen ählumumy saýlawda häkimiýetdäki Hereket we raýdaşlyk partiýasy (PAS) has köp ses alyp birinji boldy. Ýewropa Bileleşigine ýykgyn edýän syýasaty alyp barýan partiýa 50 göterime golaý ses aldy. “Watansöýüji” koalisiýa bolsa, ýurduň 101 orunly parlamenti üçin geçirilen saýlawda jemi 24,26 göterim ses aldy.
Maýa Sandunyň ýolbaşçylyk edýän PAS partiýasy 2021-nji ýylda geçirilen saýlawda 52,8 göterim ses alypdy. Saýlawa gatnaşygyň 2021-nji ýyldaky bilen deňeçer – 52 göterim töweregi bolandygy mälim edildi.
Şeýlelikde, indiki möhletde ýurduň parlamentinde 3 partiýanyň hem-de 2 koalisiýanyň wekilleri bolar. Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawyň anyk netijelerini Konstitusiýa kazyýetine hödürlär. Şondan soňra 5 günüň dowamynda kazyýet netijeleri tassyklar.
Gündogar Ýewropada ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurduň 2,4 million töweregi ilaty bar.
Ýewropa Bileleşigi Moldowa “dalaşgär ýurt” statusyny berdi.