Mongoliýanyň ilaty 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 3 million 546 müň 700-e ýetdi, bu bolsa ondan öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,2% ýokarydyr. Bu baradaky hasabat şu ýylyň başynda ýurduň Milli statistika komiteti tarapyndan habar berildi. Resmi beýanatda bellenilen döwürde Mongoliýanyň ilatynyň 42 müň adam artandygy tassyklanýar. Milli statistika komitetiniň habaryna görä, Mongoliýanyň ilaty 1962-nji ýylda 1 million, 1988-nji ýylda 2 million we 2015-nji ýylda 3 million adama deň bolupdyr. Ýurduň ilatynyň 2033-nji ýylda 4 milliona, 2048-nji ýylda 5 milliona ýetmegine garaşylýar.
Tirkiş ŞÜKÜROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.