Mongoliýanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy Gombožawyn Zandanşatar ýurduň Beýik döwlet huralynyň (parlament) umumy mejlisinden soň Mongoliýanyň täze Premýer-ministri wezipesine bellendi. Onuň dalaşgärligi Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuh tarapyndan deputatlara hödürlenenden soň, kanun çykaryjylaryň 92,3 göterimi oňa ses berdi.
55 ýaşly Gombožawyn Zandanşatar 1992-nji ýylda Russiýanyň Irkutsk Halk hojalyk institutyny (häzirki Baýkal döwlet uniwersiteti) tamamlady. Şol ýyl bu uniwersitetden ykdysadyýet we maliýe ugurlaryndan magistr derejesini aldy. 2004-nji ýyldan bäri dört gezek Beýik döwlet huralyna saýlandy. 2009-2012-nji ýyllarda Mongoliýanyň daşary işler ministri bolup işledi. 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla aralygynda hökümet işleriniň dolandyryjysy, 2019-njy ýyldan 2024-nji ýyla çenli parlamentiň başlygy wezipesini eýeledi. 9-njy iýunynda dolandyryjy Mongol halk partiýasy G. Zandanşataryň ýurduň indiki Premýer-ministri wezipesine dalaşgärligini makullady.