Moskwa we Sankt-Peterburg 2025-nji ýylda durmuşyň hili boýunça Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň reýtinginde birinji we ikinji orunlary eýeleýärler. Bu barada “RIA Nowosti” bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijelerine salgylanyp habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, reýting durmuş şertleriniň we durmuş ulgamyndaky ýagdaýlaryň dürli taraplarynyň hakyky ýagdaýyna baha berýän 66 sany görkezijiniň toplumlaýyn hasaba alynmagy esasynda düzüldi.
Sanawdaky ilkinji orunlary öňküsi ýaly Moskwa, Sankt-Peterburg we Moskwa oblasty saklap gelýärler. Sebitleriň bu üçlügi eýýäm köp ýyllaryň dowamynda reýtingiň başyny çekýärler we heniz hem özlerinden soň gelýän RF-niň beýleki subýektlerinden ep-esli öňe saýlanýarlar.
Ilkinji onluga şeýle hem Krasnodar ülkesi, Tatarstan Respublikasy, Rostow, Leningrad, Kaliningrad, Samara we Woronež oblastlary girýär.
Ilkinji onlukdaky sebitler ykdysady ösüşiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýarlar, RF-niň subýektleriniň jemi sebit önüminiň 45 göteriminden gowragy şolaryň paýyna düşýär. Bu sebitlerde 50,2 million adam ýaşaýar, bu bolsa Russiýanyň ähli ilatynyň 34 göterimine deňdir. Sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň reýtinginde bu subýektler däp bolşy ýaly ýokary orunlary eýeleýärler.