Angliýanyň “Premier Ligasynda” yzly-yzyna klublar tälimçisini çalyşýar. “Tottenhamdan” soň “Nottingam Forest” hem şowsuz netijelerden soň tälimçisi Şon Daýçy topardan ugratdy. Ol bu wezipede 4 aý işledi. Topar onuň tälimçiliginde 18 oýnuň 6-synda ýeňiş gazanyp, 8-sinde utuldy (4 deňlik). Angliýaly hünärmen “Nottingam Forest” toparynyň şu möwsümde wezipesinden boşadan 3-nji tälimçisi boldy.

Möwsüme Nuno Eşpirito Şantunyň tälimçiliginde başlan “Nottingam Forest” topary sentýabr aýynyň başlarynda portugaliýaly tälimçini ugradyp, ýerine awstraliýaly Anž Postekogluny belledi. Onuň APL-däki 2-nji başdan geçirmesi uzak hem şowly bolmady. 8 oýnuň 6-synda ýeňlip, ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik Postekoglu 40 gündenem ir wezipesinden ugradyldy. 21-nji oktýabrda Şon Daýçy wezipä bellän “Nottingam Forest” toparynyň eýesi, gresiýaly işewür Ewangelos Marinakis iňlis tälimçisini hem uzak saklamady. Toparyň indiki tälimçisiniň portugaliýaly Witor Pereiranyň bolmagyna garaşylýar. “Nottingam Forest” topary çempionatda 27 utuk bilen 17-nji orunda barýar. Topar Ýewropa Ligasynda-da geljek hepdäniň penşenbe güni Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary bilen pleý-off duşuşygyny geçirer.