Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­ri, umu­man, ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de iň köp ula­nyl­ýan es­bap­la­ryň bi­ri hem äý­nek ha­sap­lan­ýar. Gö­zü­ňi ýag­ty­lyk­dan go­ra­mak­dan baş­lap, oka­ma­ga we uzak­da­ky za­dy saý­gar­ma­ga ýar­dam ed­ýän iki göz­li, gu­la­ga il­di­ril­ýän tu­ta­waç­ly en­jam XIII asyr­da Ita­li­ýa­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Uzak wagt­lap Gün şöh­le­si­ne se­ze­war bol­mak gö­ze çyn­la­kaý ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Ga­ra äý­nek Gün­den gel­ýän ult­ra­me­lew­şe (UV) şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­di­rip, gö­züň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek da­kyn­mak inf­ra­gy­zyl şöh­le­le­ri­niň tä­si­ri­ni hem azald­ýar. Gün­den go­ra­ýan äý­nek­le­riň kö­pü­sin­de «UV go­ra­gy» ýa-da «UV400» di­ýen ýaz­gy bol­ýar. Äý­nek sa­tyn al­nan­da şol ýaz­ga üns ber­me­li. Äý­nek da­ky­na­ny­ňyz­da gö­zü­ňiz­de bu­la­şyk­lyk dö­re­se ýa-da kel­lä­ňiz agyr­sa, on­da ol äý­ne­giň si­ze la­ýyk gel­me­ýän­di­gidir. «Bu ýag­daý wagt­la­ýyndyr, äý­ne­ge öw­re­ni­şip gi­de­rin» di­ýip pi­kir ed­ýän bol­sa­ňyz, soň­lu­gy bi­len gö­züň ze­per­len­me­gi­ne, gör­şüň pe­sel­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär.
Äý­nek da­kyn­ma­gyň peý­da­ly ta­rap­la­ry
Gö­züň reňk saz­la­şy­gy­ny go­ra­ýar.
Gö­züň ýa­daw­ly­gy­ny pe­seld­ýär.
Ys­sy gün­ler­de kel­la­gy­ry­ny azald­ýar.
Köp­ler gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň bu­lut­ly we gar­ly gün­le­rin­de hem äý­nek da­ky­nyp gez­ýär­ler. Bi­ler­men­ler gyş aý­la­ryn­da ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si­niň tä­si­rin­den go­ra­ýan äý­nek­le­ri da­kyn­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Se­bä­bi Gü­nüň gar toz­ga­la­ry­na dü­şüp, ýyl­pyl­da­ýan şöh­le­si ada­ty äý­nek­den ge­çip, gö­ze ters tä­sir ed­ýär. Eger-de gyş pas­lyn­da ýa-da ho­wa­nyň bu­lut­ly we çyg­ly gün­le­rin­de hem äý­nek da­kyn­mak is­le­se­ňiz, «UV go­ra­gy» bo­lan äý­nek­ler­den özü­ňi­ze gö­rä oňaý­ly­sy­ny saý­la­ma­ly.
Äý­ne­giň lin­za­sy­nyň reň­ki ýag­ty­ly­gyň göz­de şöh­le­len­me­si­ne, gö­züň reňk­le­ri ta­pa­wut­lan­dyr­ma­gy­na we reňk­le­ri bol­şy ýa­ly ka­bul et­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Ga­ra, go­ňur we çal lin­za­ly äý­nek­ler or­ta we ýo­ka­ry ýag­ty­lyk şert­le­rin­de ýal­pyl­da­ma­nyň öňü­ni al­ýar we gö­züň ýa­daw­ly­gy­ny azald­ýar. Bu äý­nek­ler gün­de­lik dur­muş­da ulan­ma­ga amat­ly ha­sap­lan­ýar. Ýa­şyl lin­za­ly äý­nek­ler gö­züň dynç al­şy­ny üp­jün ed­ýär. Ýa­şyl äý­nek­ler Gün şöh­le­si­niň az düş­ýän ýer­le­rin­de ula­nyl­ýar. Sa­ry, al­tyn­sow, açyk go­ňur lin­za­ly äý­nek­ler ýag­ty­lyk taý­dan az go­ra­gy üp­jün et­se-de, bu­lut­ly we ýa­gyş­ly gün­ler­de ulan­mak ýer­lik­li ha­sap­lan­ýar. Mä­mi­şi, gy­zyl we gül­gün lin­za­ly äý­nek­le­riň daş-tö­we­rek­dä­ki reňk­le­ri gör­me­gi kyn­laş­dyr­ýan­dy­gy se­bäp­li, aw­tou­lag sür­len­de bu äý­nek­le­ri da­kyn­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bu äý­nek­ler gyş­ky sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­ny­lan­da ula­nyl­ýar. Gök lin­za­ly äý­nek­le­ri ýa­şyl ýer­ler­de (to­kaý, ösüm­lik­li meý­dan) ulan­mak amat­ly ha­sap­lan­ýar. Ra­hat­ly­gy we reňk du­ýu­jy­ly­gy taý­dan ga­ra lin­za­ly äý­nek­ler iň go­wu­sy ha­sap­lan­ýar.