Köpler pasyl çalşygyndaky möwsümleýin täsirlerden kynçylyk çekýär. Howanyň üýtgemegi bilen duş gelinýän ýagdaýlaryň biri-de allergiýadyr. Bilermenler möwsümleýin nähoşluklary ýeňil geçirmek üçin şulary maslahat berýärler:
Arassa howada dynç almak we otaglaryň howasyny wagtly-wagtynda täzeläp durmak bilen howadaky zyýanly bölejiklerden goranyp bolýar.
Möwsüme görä dogry iýmitlenmek saglyk üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.
Köpräk suw içmek deriniň guramagyny we gyjyndyryjy alamatlaryny azaltmaga, iýmit alyş-çalşygynyň işini ýeňilleşdirmäge kömek edýär.
Şahsy we köpçülikleýin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek arkaly möwsümleýin nähoşluklary ýeňip geçip bolýar.
Fiziki taýdan işjeň bolmak bedeniň wiruslara garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirip, adam özüni sagdyn duýýar.