5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da bug­daý eki­len meý­dan­lar­da mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de sü­rüm, te­kiz­le­ýiş, top­ra­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len gurp­lan­dyr­mak iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär. Daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len üp­jün et­mek üçin go­wa­ça to­hu­my­ny taý­ýar­la­mak, ekiş­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny abat­la­mak, ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak ba­bat­da ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim­ler we­la­ýat­la­ryň çä­gin­dä­ki me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­ny ka­da­ly iş­let­mek, ila­ty elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz we agyz su­wy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip yg­lan edi­len tä­ze ýyl­da ýur­du­myz­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg et­mek, hu­su­san-da, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de sü­rüm, te­kiz­le­ýiş, top­ra­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len gurp­lan­dyr­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Ekiş möw­sü­min­de pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my bi­len üp­jün et­mek üçin äh­li ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaz­ky ekiş­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­mak we ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak bo­ýun­ça hem ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki stra­te­gik or­nu­na ün­si çek­di we wi­se-prem­ýe­re pu­da­gy mun­dan beý­läk-de döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di hem-de we­la­ýat­la­ryň bug­daý meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­me­giň, go­wa­ça ekil­jek ýer­ler­de sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň, pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry bi­len ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün et­me­giň, ýaz eki­şin­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny möw­sü­me ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz we­la­ýat­lar­da pag­ta we bug­daý ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat edi­ji eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da 2024-2025-nji ýyl­la­ryň pag­ta, 2025-2026-njy
ýyl­la­ryň bug­daý ha­sy­ly üçin ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler bo­ýun­ça ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­çi­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýe­tiş­di­ri­len gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny öz wag­tyn­da ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi, we­la­ýat­lar­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­leý­şi­ni hem-de ila­tyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz we agyz su­wy bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni aý­ra­tyn gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy, şu ýyl we­la­ýatlar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.